ACA Döwletjan Ýagşymyradowyň öňki eýelik eden titulyny erkin diýip yglan etdi

  • 24.10.2020 23:20
  • 31k+

ACA promouşeniniň prezidenti Alekseý Ýasenko ýarym agyr agramda guramanyň titulynyň boş boljakdygyny aýtdy.

“Türkmen söweşijisi, ACA-nyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agramda tituly galdyrdy” – diýip, ACA-nyň prezidenti Alekseý Ýasenko “Çempionat” internet-saýtyna habar berdi.
“Ýagşymyradowyň häzirki şertnamasynyň möhleti tamamlandy. Köne şertnama boýunça onuň bir söweşi galypdy, ýöne häzirki günde oňa wiza almaga mümkinçilik ýok. Iki taraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, onuň şertnamasynyň möhletini uzaltmazlyk kararyna gelindi. Ýarym agyr agramda liganyň tituly indi boş boldy”.

Ýatlap geçsek, garyşyk başa-baş göreşiň 31 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 2018-nji ýylda rus Batraz Agnaýewi ýeňip, ACA-nyň çempion guşagyna eýe boldy. 2019-njy ýylda, eýýäm ACA-nyň çempiony statusynda Ýagşymyradow özüniň guşagyny iki gezek gorady. Fewralda ol Polşadaky turnirde Karol Selinskiden üstün çykdy, dekabrda bolsa rus Alekseý Butorini ýeňip, ACA-nyň çempiony titulyny gorady. Türkmen söweşijisiniň hasabynda 18 ýeňiş, bäş ýeňliş bilen bir deňe-deňlik bar.

şu gün 07:06
2.4k+

Senegal dawaly finalda Marokkony utup, Afrikanyň Kubogyny gazandy

Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek Afrika milletleriniň kubogyny aldy. Marokko toparyna garşy final oýny Rabat şäherinde geçirildi we Senegalyň goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda gutardy...

düýn 16:02
4.5k+

DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar

Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi...

düýn 10:14
3.9k+

Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň kubogynda üçünji ýer üçin oýunda Müsüriň toparyny penalti tapgyrynda utdy. Oýnuň esasy wagty golsuz tamamlandy – 0:0. Penalti tapgyrynda Nigeriýanyň topary güýçli geldi – 4:2...

17.01.2026 14:21
11k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...