Diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär

  • 22.10.2020 03:36
  • 6k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we BMG-niň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, 21-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde diplomatlaryň arasynda iki günlük sport ýaryşlary başlandy.

Ýaryşlar sportuň bilýard we uly tennis görnüşleri boýunça geçýär, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Sport çärelerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

düýn 17:35
5k+

«Barselonanyň» prezidenti wezipesine dalaşgärler bellige alyndy: klubuň başyna kim geçer?

Žoan Laporta we Wiktor Font «Barselona» futbol klubunyň prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Saýlawlara resmi taýdan gatnaşmak üçin her bir dalaşgär klubuň agzalaryndan 2337 sany gol ýygnamalydy...

düýn 16:29
3.4k+

Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Aşgabatda tamamlanan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 19 ýaşly FIDE ussady Amanmuhammet Hommadow ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby ilkinji gezek açyk kategoriýada birinjiligi eýelemegi başardy...

düýn 10:10
12k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

05.03.2026 21:17
2.7k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...