Messi gyşda “Mançester Siti” futbol toparyna geçip biler

  • 18.10.2020 21:54
  • 9.4k+

“Barselona” futbol toparynyň iň gowy hüjümçisi ýakyn wagtda futbol karýerasyny “Mançester Siti” toparynda dowam etmegi mümkin diýip, ctnews.ru belläp geçýär.

Iňlis KHBS-niň habar bermegine görä, “Mançester Sitiniň” ýolbaşçylary argentinaly hüjümçini 15 million funta satyn almaga taýýar. Häzirki döwürde maliýe kynçylyklary ýiti duýulýan katalon toparynyň ýolbaşçylary hem bu pikiri ret etmese gerek diýlip garaşylýar. Taraplar bu barada bir netijä gelip bilseler, onda futbolçynyň “Mançester Siti” klubyna geçirilmegi indiki transfer möwsüminde amala aşar.
Messiniň “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti geljek ýylyň tomsunda tamamlanýar. Eger-de şol wagta çenli klub Leo üçin alyjy tapmasa, onda onuň mugt gitmäge hukugy bolar. Mundan ozal, 33 ýaşly argentinaly oýunça “PSŽ-niň” hem gyzyklanma bildirýändigi habar berlipdi.
Transfermarkt portaly Messä 100 mln ýewro baha kesýär. Şu möwsümde Messi “Barselonanyň” düzüminde 4 oýna gatnaşyp, bir goly hem-de iki netijeli geçirimi bilen tapawutlandy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......