Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

  • 18.10.2020 16:00
  • 12k+

Düýn Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi barada aýratyn nygtap geçdiler.
Taraplar fosfor dökünleriniň öndürilmegi, oba hojalygyna degişli tehnikalaryň satyn alynmagy boýunça taslamalaryň ilerlemegini kanagatlanma bilen nygtadylar. Energetiki we beýleki desgalaryň gurluşygy boýunça ýapon kompaniýalary bilen gepleşikler dowam etdirilýär. Gurluşyk ulgamynda, şol sanda bu ugurda ýapon bilermenleriniň işläp düzen aýratynlyklary boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly mümkinçiliklere seredildi.
Taraplar şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler we hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegi boýunça özara pikir alyşdylar.

düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.2k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......