UEFA 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň formatyny üýtgedip biler

  • 17.10.2020 09:47
  • 6.5k+

UEFA 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň formatyny üýtgetmegi göz öňünde tutýar diýip, “The Sun” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Koronawirus pandemiýasy sebäpli guramanyň Ýewropa çempionatynyň oýunlary geçiriljek şäherleriň sanawyny gysgaltmagy ähtimal.

Halys petige dirän halatynda, turnir dört meýdançany ulanmak bilen bir ýurtda geçirilip bilner. Üýtgeşmeleriň maksady pandemiýa döwründe gatnawlaryň sanyny azaltmakdan ybarat.
Sanawdan aýrylmagy mümkin hasaplanylýan şäherler Baku we Sankt-Peterburg bolup biler.
Ýatlap geçsek, futbol boýunça Ýewropa çempionaty 2020-nji ýylyň 12-nji iýunyndan 12-nji iýuly aralygynda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli turnir indiki ýyla süýşürildi. Ýaryşlaryň täze senesi – 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda. UEFA turniriň adyny üýtgetmezlik kararyna geldi. Ilkibaşda turnir 12 şäherde geçirilmeli edilipdi: Sankt-Peterburg, London, Mýunhen, Baku, Rim, Buharest, Kopengagen, Amsterdam, Bilbao, Glazgo, Budapeşt we Dublin.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......