Messi jemgyýetiň möhüm meseleleri hakda

  • 16.10.2020 23:47
  • 13k+

“Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi jemgyýetiň haýsy meselelerini has möhüm hasaplaýandygyny aýtdy. Muny csn-tv.ru belläp geçýär. Futbolçynyň pikiriçe, edil häzirki döwürde COVID-19 ýokanjy ýüze çykan adamlara aýratyn hyzmatlary dowam etdirmek gerek. Ýaşaýyş üçin ilkinji nobatda zerur bolan suw we elektrik energiýasy bilen elýeterli üpjünçilik hem aýratyn üns berilmeli zatlaryň hataryndadyr.

Ol deňsizligi jemgyýetiň iň uly meseleleriniň biri hökmünde kesgitledi, dünýä jemgyýetçiligi ilki bilen deňsizligiň öňüni almak üçin göreşmelidir diýip aýtdy. “Ösüş üçin esas bolan bilimi ösdürmeli, dünýäde bolup geçýän wakalaryň hakyky manysyna düşünmeli, ähli ýürekleriň sesini eşitmeli, bar bolan deňsizlikler bilen göreşmeli. Her bir zadyň hakykatyndan bihabar galsaň, beýlekileriň pikiri ähmiýetli däl diýip düşünseň, onda bu ümsümlikdäki galmagal ýalydyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýatlap geçsek, şu möwsümde Messi “gök-gyzyllaryň” düzüminde 3 oýna gatnaşdy. Bu oýunlarda ol bir goly salmagy we iki gezek netijeli geçirim etmegi başardy.
Mundan ozal, oýunçy käbir zatlar baradaky pikirini üýtgedendigini, indi gol geçirmäge az üns berip, esasan, ýoldaşlaryna kömek etmekçidigini aýtdy.

“Indi gol geçirmäge az üns berýärin, mümkin boldugyndan toparlaýyn oýnuň netijeliligi üçin goşant goşmaga çalyşýaryn” – diýip, “Goal” onlaýn neşiri Messiniň sözlerini getirýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......