"France Football" taryhyň iň gowy oýunçylaryny saýlaýar

  • 13.10.2020 23:55
  • 9.6k+

“France Football” neşiri futbol taryhynyň iň gowy daýanç ýarymgoragçylarynyň we hüjümçi ýarymgoragçylarynyň simwoliki toparyna girmek üçin dalaşgärleri mälim etdi.

Gyzykly ýeri, neşir futbol taryhynda iň oňat golçularyň käbirini - üç gezek dünýä çempiony bolan braziliýaly Peläni hem-de FIFA-nyň “Ýylyň iň owadan goly üçin” baýragyna ady dakylan wengriýaly Ferens Puşkaşy hüjümçi ýarymgoragçy hökmünde kesgitledi.
Daýanç ýarymgoragçylaryna dalaşgarler: Ýožef Bojik, Serhio Buskets, Didi, Paulo Roberto Falkao, Stiwen Jerrard, Jerson, Hosep Guardiola, Ýozef Masopust, Lotar Matteus, Ýohan Neskens, Andrea Pirlo, Fernando Redondo, Frank Raýkard, Brend Şuster, Klarens Zidorf, Luis Suarez, Marko Tardelli, Žan Tigana, Hawi Alonso, Hawi Ernandes.
Hüjümçi ýarymgoragçylara dalaşgärler: Roberto Bajjo, Bobbi Çarlton, Alfredo Di Stefano, Enzo Françeskoli, Rud Gullit, Jorj Haji, Andres Iniesta, Raýmon Kopa, Laslo Kubala, Diego Maradona, Sandro Mazzola, Pele, Mişel Platini, Ferens Puşkaş, Janni Riwera, Huan Alberto Şiaffino, Sokrates, Françesko Totti, Ziko, Zinedin Zidan.
5-nji oktýabrda derwezeçilerden dalaşgärler hem-de goragçylaryň dörtlügi hödürlenipdi. Taryhyň iň gowy derwezeçisi diýen ugur boýunça teklip edilýän dalaşgärleriň arasynda Sowet futbolçysy Lew Ýaşin hem bar.
19-njy oktýabrda bolsa sag, merkezi we çep hüjümçilerden 10 dalaşgär yglan ediler.
“France Futbol” her bir orundaky taryhyň iň gowy oýunçysyny saýlamak üçin dünýäniň öňdebaryjy neşirlerinden 177 žurnalist bilen pikir soraşma geçirer. Saýlawyň ýeňijileri simwoliki topary emele getirer. Gutarnykly netijeler dekabr aýynda yglan ediler.


şu gün 15:42
4.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......