Ýaponiýadaky halkara forumda COVID-19 döwründe ösüş ara alnyp maslahatlaşylar

  • 04.10.2020 23:34
  • 4.5k+

Her ýyl 150-den gowrak ýurtdan ýüzlerçe alymlary, telekeçileri, syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini birleşdirýän Halkara ylym we tehnologiýa forumy öz işini adaty bolmadyk görnüşde başlaýar. Pandemiýa sebäpli 17 ýylyň içinde ol ilkinji gezek dört günüň dowamynda onlaýn görnüşde geçer. Bu barada TASS habar berýär.

“Häzir biz COVID-19 pandemiýasy sebäpli öň görlüp-eşidilmedik global çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu pandemiýa diňe bir adamlaryň erkin hereketini däl-de, eýsem, ylym we tehnologiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy hem çäklendirdi. Men COVID-19 döwründe we COVID-19-dan soň ylmyň we tehnologiýanyň ähmiýeti has hem möhüm bolar diýip hasaplaýaryn. Men siziň maslahatlaryňyzyň adamzat üçin ýagty geljege ýol açjak ylymda we tehnologiýada uly üstünliklere getirjekdigine ynanýaryn” – diýip, Forumyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Kodzi Omi gutlag haty bilen gatnaşyjylara ýüzlendi.

Forumyň dört gününiň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa, lukmançylyk we saglygy goraýyş, global ýylylyk, sanly howpsuzlyk ýaly köp sanly temalar boýunça 15-den gowrak sessiýa geçiriler. Pandemiýa temasynyň ähli diskussiýalarda belli bir derejede agdyklyk etmegine garaşylýar. Foruma gatnaşyjylar global ýylylyk we jemgyýetiň garramagy ýaly meseleleriň çözülmegine uly üns berýärler. Omi bu we beýleki meseleleri diňe bir alymlar ýa-da ýurtlaryň kiçi toparlary bilen çözüp bolmaz diýip hasaplaýar. Onuň aýtmagyna görä, ähli döwletleri we dürli toparlaryň wekillerini hem bu işe çekmek zerur.

şu gün 01:07
143

«Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginde ýaş zehinler öz innowasion taslamalaryny hödürledi

Türkmenistanyň paýtagtynda ýurt boýunça iki ýüze golaý zehinli okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen «Ýaş inžener — 2026» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi....

düýn 16:01
1.5k+

Hytaýda işlenip düzülen, elektrik awtoulag batareýalary üçin niýetlenen termal gorag 1300 ℃ -a çenli çydap bilýär

Nankin tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny gyzmakdan we ýanyp gitmekden goraýan material oýlap tapdylar diýip, CarNewsChina ýazýar....

düýn 15:59
2.7k+

Ylmy jedellere nokat goýuldy: Nanotirannus resmi taýdan aýratyn dinozawr görnüşi diýlip ykrar edildi

Prinston uniwersitetiniň we Nebraska ştatynyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky halkara alymlar topary Nanotirannusyň «Tirannozawr reksiň» (T. rex) ýaş wekili däl-de, eýsem, aýratyn görnüşli dinozawrdygyny......

düýn 10:37
2.6k+

NASA: Apofis asteroidi Ýer şaryna aragatnaşyk hemralaryndan hem ýakyn aralyga geler

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr....