Dubaýdaky Burj Halif diňi türkmen Baýdagynyň reňkinde şöhle saçdy

  • 28.09.2020 19:10
  • 18k+

Birleşen Arap Emirliklerindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurduň Döwlet baýdagynyň reňkinde öwüşginini saçdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Şeýlelik bilen, Dubaý türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramynyň 29 ýyllyk toýuny gutlady.
BAE-de 828 metrlik diňde türkmen baýdagynyň ilkinji gezek peýda bolmaýandygy mälimdir. Bir ýyl ozal ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli bu bina Türkmenistanyň döwlet nyşany bilen bezelipdi.
Burj Halifa diňi esasy yşyklaryny yzygiderli üýtgedýär. Köplenç yşyklar dünýäniň dürli ýurtlarynyň baýdaklara öwrülip, şöhle saçýar.

düýn 16:05
3.3k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
8k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......