Koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirjek ýitgisi hasaplanyldy

  • 22.09.2020 16:27
  • 14k+

Tutuş dünýäniň ykdysadyýetine birden uly zyýan ýetiren pandemiýa örän “gymmata düşer”. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ýedi trillion dollar ýitgi bolar diýip, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hasaplady. Analitikleriň çaklamalaryna görä, bu gezekki maliýe çökgünligi “uly çökgünlik” diýlip atlandyrylan 2008-nji ýyldaky global maliýe çökgünliginden hem ozdurar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

2008-nji ýylda global jemi içerki önüm 1,83% ýokarlandy, emma eýýäm 2009-njy ýylda Ikinji jahan urşundan soň birinji gezek 2,3% kemeldi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) 2020-nji ýylyň jemi boýunça pese gaçyşyň öň çaklanylan 6%-e derek, 4,5%-e deň bolmagyny çaklaýar. 
YHÖG-nyň çaklamasy boýunça, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň jemi ýitgisi ýedi trillion dollara ýeter. Bu ABŞ (4,1 trillion) bilen Hytaýyň (3,2 trillion) goşup alanyňdaky ýyllyk býujetine barabardyr.
Ykdysadyýet, esasan hem, ýylyň birinji ýarymynda karantin çäreleriniň çäginde kärhanalaryň köpçülikleýin togtadylmagy sebäpli uly zyýan çekdi.
Ikinji çärýek has agyr boldy, öňdebaryjy ýurtlar uly çökgünlige sezewar boldular. Şeýlelikde, ABŞ-nyň JIÖ-i 32,9%, Ýewropa Bileleşigi – 14,4% pese gaçdy. Ýewropanyň esasy döwletlerinde pese gaçma iki belgili görkezijä deň boldy, meselem, Beýik Britaniýada – minus 21,7%.
Ösen döwletleriň hökümetleri ykdysadyýeti kadaly ýagdaýa getirmek üçin, goldaw çärelerine trillionlarça dollar goýberdiler, ýöne bu ýeterlik däldi. Şeýle-de bolsa, býujet goýberilmesini bes etseň, ýagdaý has ýaramazlaşyp biler diýip, YHÖG-da belleýärler.
Aýratynam, hyzmat pudagy – ulag, güýmenje, syýahatçylyk, myhmanhana işi – zyýan çekdi. Bu pudaklary bankrot tolkuny gurşap aldy. Eger-de isleg dikelmese, onda täze tolkundan gaçyp bolmaz diýip ykdysadyýetçiler duýdurýarlar. Netijede iş orunlary ýitirilýär, garyplyk we deňsizlik ýokarlanýar. Ösüp barýan bazar ykdysadyýetli ýurtlar – has töwekgelçilikli ýagdaýda.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......