Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hasabatlary onlaýn ýagdaýda kabul eder

  • 14.09.2020 12:45
  • 10k+

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti guramalara geljekde statistiki hasabatlary internet ulgamy arkaly ugratmaga rugsat berer. Munuň üçin edaranyň resmi web saýtynda «hasabat tabşyrmak» sahypasy hereket eder. Bu sahypa bolsa 29-njy sentýabrda geçiriljek döwlet satyn alyş auksionynyň ýeňijileri tarapyndan dörediler. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Täze onlaýn funksiýa wagty tygşytlamaga ýardam eder, şeýle hem komitetiň ýurduň hökümetine iňňän möhüm kararlary kabul etmekde esas bolup hyzmat edýän statistiki býulletenleriniň taýýarlanyşynyň hilini ýokarlandyrar.
Täze web sahypasyny döretmek üçin edara ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini we zerur tehniki enjamlary satyn alar. Statistika baradaky döwlet komiteti bu funksiýanyň girizilmegini elektron hasabat ulgamyna doly geçmegiň ýolundaky nobatdaky ädim hasap edýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurt barada iň doly we dogry maglumatlary berýän ykdysady we sosial görkezijileri ýygnaýar hem-de seljerýär.

düýn 16:01
952

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi

20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi.  «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan...

düýn 10:44
8.9k+

Tramp import harytlaryna häzirki bar bolan gümrük paçlarynyň üstüne ýene goşmaça paç girizýändigini yglan etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda hereket edýän nyrhlara goşmaça hökmünde, ABŞ-a getirilýän ähli import harytlaryna ýene-de goşmaça 10 göterim gümrük pajynyň giriziljekdigini mälim etdi...

düýn 09:47
3.2k+

Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji gezek döwlet raýat gullugyna aýal maşgala ýolbaşçy boldy

Antoniýa Romeo Beýik Britaniýanyň döwlet raýat gullugynyň ýolbaşçysy we Ministrler Kabinetiniň sekretary wezipesine bellenildi. Hökümet sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, ol Kris Uormold wezipesinden çekilenden soňra, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal maşgala boldy...

düýn 01:58
18k+

Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B...