«Türkmenistan» banky mebel, hojalyk we durmuş enjamlary satyn alnanda 3% keşbek hödürleýär

  • 11.09.2020 14:14
  • 15k+

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli şeýle aksiýa yglan edýär diýip, "Нейтральный Туркменистан" gazeti habar berýär.

Habara laýyklykda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Altyn Asyr» bank kartlarynyň eýeleri bankyň ýurduň mebel, hojalyk we durmuş enjamlaryny satýan dükanlarynda nagt däl töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde, yzyna gaýtarylýan pul – keşbek 0,5 göterimden 3 göterime çenli ýokarlanýar.
Şahamçalaryň salgylary we telefonlary bankyň resmi web sahypasynda görkezilen. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasynyň telefon belgisi: +99312440304.

düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.7k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.4k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......