Fettel geljek ýyldan başlap, Aston Martiniň adyndan çykyş eder

  • 10.09.2020 20:36
  • 5.6k+

«Formula – 1» ýaryşlarynda dört gezek dünýä çempiony Fettel indiki möwsümden Aston Martiniň adyndan çykyş edip başlar diýip, interfax.ru habar berýär.

«Aston Martiniň 2021-nji ýylda «Formula–1» ýaryşlaryna köp garaşdyran gaýdyp gelişiniň öňüsyrasynda dört gezek dünýä çempiony Sebastian Fetteliň topara goşulandygyny bildirmäge şatdyrys" – diýip, eýýäm geljek ýyldan Aston Martin diýlip hasaplanyljak Racing Pointiň metbugat gullugy habar berýär.
«Dört gezek dünýä çempiony hökmünde Sebastian topara täzeçe höwes getirer. Ol awtoulag sporty dünýäsinde iň tejribeli we abraýly sürüjileriň biri. Ol iň ýokary derejede ýeňiş gazanmak üçin näme gerekdigini bilýär" – diýlip, habarda aýdylýar.
«2010-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli Sebastian Red Bull Racing-de yzly-yzyna dört gezek ýeňiji boldy we Scuderia Ferrari-de birnäçe gezek Gran Prini gazandy. Tejribe we öňbaşçylyk häsiýeti ony topara öz maksatlaryna ýetmäge kömek etjek iň oňat sürüji edýär" – diýlip, topardan bellenilýär.
«Bu meniň üçin hakykatdan-da meşhur awtoulag kompaniýasy bilen täze başdan geçirme. Toparyň şu ýyl gazanan netijelerine haýran galýaryn we onuň geljeginiň has aýdyňdygyna ynanýaryn» – diýip, Fettel hem öz gezeginde bu topara goşulanyna buýsanýandygyny aýtdy.

Fetteliň topardaşy Kanadaly Lens Stroll bolar.
Ferrari topary eýýäm maý aýynda Fetteliň möwsümiň ahyrynda gitjekdigini habar beripdi. Indi ol sekiz aýlawdan soň 16 utuk gazanyp, çempionatyň şahsy hasaplamasynda 13-nji ýerde durýar.

şu gün 00:00
886

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
4.2k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
3.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.6k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......