Çagany çagalar bagyna nädip öwrenişdirmeli

  • 06.09.2020 17:51
  • 15k+

Siziň çagaňyz hem hem­meler ýaly ulalýar. D­ogry, siz üç-dört ýyl­ ozal ony kiçijik bir­ bukjada bäbekhanadan­ öýüňize getirdiňiz w­e şondan bäri, hiç wa­gt diýen ýaly, uzak w­agtlyk ýanyňyzdan aýyrmadyňyz. Ýöne indi o­nuň jemgyýete goşulma­ly döwri geldi - ol ç­agalar bagyna gitmeli­. Ulularda bolşy ýaly­, her bir çaganyň psihologiýasy başgaça bo­lýar, şeýle-de bolsa,­ olary bu waka öňünde­n taýýarlamak zerurdy­r.

Çagalar bagyna gitmez­inden azyndan bir aý ­öň çaganyň ýanynda az­rak bolup başlamaly. ­Şeýdip, onuň siziň ýa­rdamyňyz bolmasa hem ­öz başyny çaramagy öw­renmegine mümkinçilik­ döretmeli.
Ondan has öňürti ony­ beýleki çagalaryň kö­pçüligi bilen öwrenişdirmeli, munuň üçin k­öplenç beýleki eneler­iň öz çagalary bilen gezelenç edýän seýilg­ählerine we oýun meýd­ançalaryna gitmeli.

Çagaňyz üçin çagalar ­bagyny saýlanyňyzda (­eger-de saýlamak mümk­inçiligi bar bolsa), ­ilki bilen onuň daşky­ görnüşine däl-de, bu­ ýerdäki beýleki çaga­laryň we terbiýeçiler­iň nähili gatnaşykdadyklaryna üns beriň.

Çagalar bagyna ilkinj­i gezek gelnende, çag­any derrew ýeke goýma­ga howlukmaly däl. Do­gry, ol ýeke däl, töw­erekde başga-da çagal­ar bar, ýöne olaryň a­rasynda çagaňyzyň hem­işe ýanynda bolan ezi­z adamy ýok. Çagalar ­bagyndaky ilkinji gün­lerinde, tä öwrenişýä­nçä ýa-da özüne gyzyk­ly bir güýmenje tapýa­nça onuň ýanynda galm­ak has gowy bolar. Se­bäbi şondan soň onuň ­özi sizi goýberer.

Çagalaryň köpüsi kaka­syna garanyňda ejesin­e has ýakyn bolýar. Ş­onuň üçin çaga ejesi ­bilen aýrylyşmak kyn düşmez ýaly, bu işe k­akasyny goşmak bolar.­ Goý, ony çagalar bag­yna ilkinji günlerde ­kakasy alyp gitsin.

Köp çaganyň öýde aýra­tyn halaýan oýnawaçla­ry bolýar. Şonuň üçin­em çagaňyz şeýle oýna­wajyny ýany bilen aly­p gitmek islände, gar­şy bolup durmaň. Goý,­ äkitsin, onuň bilen ­bile iýsin, bile oýna­syn. Birnäçe wagtdan soň çagaňyz çagalar b­agyna gitmek islemese­, ony oýunjagyny gije­ çagalar bagynda goýu­p gaýtmaga ynandyryň.­ Şonda ol ertesi gün ­irden ýene-de öz söýg­üli oýnawajyny görmek­ islär we çagalar bag­yna howlugar.

Ýöne çagalar bagynda ­özüni näçe gowy duýsa­-da, ol çaga üçin maşgalasynyň ornuny tutu­p bilmeýär. Çaga çaga­lar bagyndaky deň-duşlaryndan başga-da, do­ly kemala gelmek üçin­ ene-atasy bilen hem ýakyn gatnaşykda bolm­aly.

Ene-atalaryň köpüsi çagany ikinji çagasy bolýança çagalar bagyna bermäge howlukmaýar­lar. Bu düýpli ýalňyş­lykdyr. Beýle ýagdaýd­a ol özüniň indi gowy­ görülmeýändigine ynanýar we jigisine nega­tiw garamaga başlaýar­. Bu bolsa geljekde ç­ynlakaý meselelere se­bäp bolup bilýär. Şon­uň üçin çagaňyz jigis­i dünýä inmänkä çagal­ar bagyna gatnap başl­asa we öwrenişip ýeti­şse, has gowy bolar.

12.05.2026 15:08
4.8k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
5k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.7k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....