Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 03.09.2020 13:33
  • 24k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň bu ministrligiň işini kämilleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Şunda milli Liderimiz goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, gullukçylar bilen üpjün edilişini berkitmek maksady bilen, mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda Permana gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Mejlis tamamlanandan soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary nyşana ok atyp, ýaraga erk etmek endigini görkezdiler.
Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her biriniň nyşana ok atyşlaryna degişli bahalary berip, olara bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nyşana ok atyp, nyşananyň merkezine degmegi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Soňra milli Liderimiz ulag serişdesinde gurnalan häzirki zaman çalt ot açýan ýarag bilen ýörite nyşanadan atyp, ony dürs urdy.

şu gün 08:12
287

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

şu gün 07:36
244

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

düýn 22:49
1k+

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
7.7k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......