Türkmen-owgan gepleşiklerinde TOPH taslamasy maslahatlaşyldy

  • 03.09.2020 13:05
  • 5.3k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.
Söhbetdeşler Тürkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň işjeňleşdirilmegi dogrusynda hem pikir alyşdylar. Aýdylanlary nazarda tutup, golaýda TOPH gaz magistralynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek arkaly taraplaryň bu ugurda ähmiýetli öňegidişlikleri gazanandyklaryny nygtamak zerurdyr. Bu bolsa öz nobatynda Owganystanyň çägindäki işleriň ilerledilmegine güýçli itergi berer.

düýn 13:14
2.4k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......

düýn 12:09
6.4k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

düýn 12:05
5.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi......

18.04.2026 15:10
2.9k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......