Hytaý sanly ýuanda aýlyk töläp başlady

  • 29.08.2020 14:01
  • 10k+

Hytaýda döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň bir bölegini sanly ýuanda (RMB) tölemek boýunça synag meýilnamasy işe girizildi. Bu barada Hytaýyň "cnTechPost" IT habarlar portalyna salgylanyp, rossaprimavera.ru ýetirýär.

Bu maksatnama “Halk Bank” tarapyndan RMB-ni çäkli synag etmegiň çäklerinde badalga berildi. RMB-niň synagy Suçžoudan başga-da, Şençžende, Çenduda we Sýungan şäherinde geçirilýär. Bu ýerde esasy maksat, 2022-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda ulgamyň ygtybarlylygyny barlamakdan ybarat.
Özara hasaplaşyklar üçin RMB-ni diňe bir hytaý kompaniýalary ulanmaýar. Sýungangda synaga gatnaşýan 19 kompaniýanyň arasynda «McDonald’s» hem bar.
Hytaý Halk Bankynyň başlygy Ýi Gan kanuny sanly walýutalaryň ulanylmagynyň ilatyň amatlylyk howpsuzlyk we walýuta galplyklaryndan goranmak bilen bagly islegleriniň kanagatlandyrylmagyna, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşýandygyny belledi.
Häzirki wagtda Hytaý sanly hökümet walýutasynyň ornaşdyrylmagynda öňdebaryjy bolup durýar. Şeýle-de bolsa, “Halk Bank” RMB-ni durmuşa geçirmegiň meýilnama-çyzgysyny entek tanyşdyrmady. Onuň has anygrak çyzgysy diňe 2022-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndan soň peýda bolar diýlip garaşylýar.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......