Messi «Barselonanyň» ýolbaşçylygyna klubdan gitmek barada arzasyny berdi

  • 26.08.2020 19:37
  • 14k+

«Barselona» ispan futbol kluby argentinaly oýunçysy Lionel Messiden topardan gitmek isleýändigi barada arza alandygyny tassyklady. Bu barada klubdaky çeşmä salgylanmak bilen Reuters agentligi habar berýär. Muny ТАSS ýetirýär.

Öň, Ispaniýada we Argentinada KHBS Messiniň klubdan gitmek isleýändigi barada habar berendigini ýazdylar. Futbolçynyň şertnamada onuň birtaraplaýyn ýagdaýda topardan islendik möwsümiň ahyrynda gidip bilýändigi baradaky punktdan peýdalanmakçydygy bellenildi.
Messi 33 ýaşynda, onuň «Barselona» bilen şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.
Messi «Barselonanyň» ýetişdiren oýunçysy, ol esasy düzüm üçin ilkinji gezek 2004-nji ýylda çykyş etdi. 30-njy iýunda Ispaniýanyň çempionatynyň Madridiň «Atletikosyna» garşy duşuşygynda (2:2) Messi karýerasynda özüniň 700-nji pökgüsini geçirdi (630 gol «Barselona» üçin, 70 – Argentinanyň milli ýygyndy topary üçin). 2019-njy ýylyň dekabrynda «France Football» žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysynyň baýragyna — «Altyn topa» eýe boldy. Onuň hasabynda şeýle baýragyň altysy bar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......