«Türkmenistan» DTB maldarçylyk hojalyklaryny ösdürmek üçin karz berýär

  • 25.08.2020 16:19
  • 15k+

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky raýatlara bölünip berlen ýerlerde hususy hojalygy alyp barmak üçin kiçi göwrümli karzlary (mikrokarz) hödürleýär diýip, «Maru-şahu-Jahan» gazeti habar berýär.

Ýyllyk 10 göterimli, 3 ýyla çenli möhletli (alty aýlyk ýeňillikli döwür bilen) 30,000 manata çenli karz raýatlara oba hojalygyny, maldarçylygy, oba hojalyk önümleriniň we ýerli çig mallaryň önümçiligini ösdürmek maksady bilen, esasy we dolanyşyk kapitalyny edinmegi üçin bölünip berilýär. Karzyň şertleri - tölege ukyply adamyň kepil geçmegi ýa-da emlägiň girew goýulmagy.
Karz almak üçin «Türkmenistan» DTB-niň merkezi edarasyna, şeýle hem şahamçalaryna ýüz tutmaly.
«Türkmenistan» DTB-niň merkezi edarasynyň telefon belgisi: 44-02-65.
Şahamçalaryň salgylaryny bankyň web sahypasyndan almak mümkin.

şu gün 02:06
325

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
4.6k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:51
7.8k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....