«Sewilýa» «Interi» ýeňip, altynjy gezek UEFA Ýewropa ligasynyň çempiony boldy

  • 22.08.2020 07:02
  • 7.8k+

«Sewilýa» ispan futbol kluby öz şahsy rekordyny täzeläp, altynjy gezek UEFA Ýewropa ligasynyň çempiony boldy. Wakalara baý bolan final duşuşykda Hulen Lopeteginiň şägirtleri 3:2 hasap bilen Milanyň «Interinden» üstün çykdylar.

Duşuşygyň 5-nji minudynda Romelu Lukaku 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açdy. Emma «Sewilýa» dessine hasaby deňlemegi başardy — Lýuk de Ýong kelle urgusy bilen pökgini derwezä gönükdirdi. 33-nji minutda ol ýene-de kelle urgusy bilen toparyny öňe çykardy. Emma 3 minutdan Diego Godin hasaby deňledi. Netijede, duşuşygyň eýýäm 35-nji minudynda hasap 2:2 boldy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Sewilýanyň» merkezi goragçysy Diego Karlos «Interiň» derwezesine urgy etdi. Onuň urgusy Lukakunyň aýagyna degip derwezä girdi.
Bu baýrak Lopeteginiň «Sewilýadaky» ilkinji baýragy. Ispan kluby UEFA Ýewropa ligasyny 2006, 2007, 2014, 2015 we 2016-njy ýyllarda gazanypdy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......