«Liwerpulyň» oýunçylarynyň biriniň koronawirus barlagy položitel bolup çykdy

  • 20.08.2020 13:05
  • 9.5k+

«Liwerpul» futbol klubynyň düzüminde Awstriýada möwsümden öňki ýygnanyşyk wagtynda koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň bir ýagdaýy ýüze çykaryldy. Bu barada «Kronen Zeitung» gazeti habar berýär, muny RIA Nowosti ýetirýär.

Maglumatlara laýyklykda, topardaky kesele garamazdan, «Liwerpul» Awstriýada indiki möwsümiň başlanmagyna we 29-njy awgustda geçjek Angliýanyň Superkubogy ugrunda London «Arsenaly» bilen boljak duşuşyga taýýarlanmagy dowam etdirýär. Häzirlikçe klub hiç hili bildiriş etmedi.
«Liwerpulyň» futbolistleriniň şenbe güni Awstriýa gitmezden öňürti koronawirus üçin barlag tabşyrandyklary bellenilýär. Keseli bar diýip bellenilen toparyň oýunçysy başlangyç analiziň dogrudygyna doly göz ýetirmek üçin gaýtadan barlagdan geçiriler.
«Liwerpul» geçen möwsümiň jemi boýunça Angliýanyň çempiony boldy. Şeýle-de, topar UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ozalky ýeňijisi bolup durýar.

düýn 16:42
2.4k+

Şwesiýaly Arman Dýuplantis syrykly bökmekde eýýäm 15-nji dünýä rekordyny goýdy

Şwesiýadan iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis syrykly bökmek boýunça karýerasynda 15-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu gezek ol Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilýän "Mondo Classic – 2026" möwsümara ýaryşynda 6,31 metr belentlikden aşyp bildi...

düýn 16:27
3.7k+

Dana Waýt Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň biletleriniň mugt boljakdygyny aýtdy

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň prezidenti Dana Waýt 14-nji iýundan 15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň Prezidentiniň resmi rezidensiýasynyň çäginde geçiriljek UFC ýaryşynyň bilet syýasaty barada maglumat berdi...

düýn 13:04
3.8k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

düýn 12:13
5.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...