«Bawariýa» «Liony» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 20.08.2020 08:26
  • 7.7k+

Mýunheniň «Bawariýasynyň» futbolçylary UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynda «Lion» fransuz klubyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Nemes klubynyň düzüminde duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda Serž Gnabri dubl bilen tapawutlandy. Duşuşyk tamamlanyp gelýärkä bolsa, Robert Lewandowskiý hasaby 3:0 etdi. Duşuşyk Lissabonda geçirildi.
23-nji awgustda final tapgyrynda «Bawariýa» ýene-de bir fransuz kluby — «Pari Sen-Žermen» bilen duşuşar.
«Bawariýa» öz taryhynda Çempionlar ligasynyň finalyna bäş gezek çykmagy başardy (Çempionlar kubogyny hem hasaba alanyňda) we bäş gezegem ýeňiji boldy. «Pari Sen-Žermen» bolsa Ýewropanyň esasy klublaýyn ýaryşynyň final tapgyryna ilkinji gezek çykdy.
Ýatladyp geçsek, ýazda futbol möwsüminiň arasyny bölen koronawirus pandemiýasy zerarly Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyryndan başlap, duşuşyklar «Sekizleriň finaly» formatynda Portugaliýada geçirilýär. Munda klublar diňe bir duşuşygyň netijesi boýunça ýeňijini kesgitleýärler.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......