Jon Jons ýarym agyr agramda UFC-niň çempionlygyndan ýüz öwürdi

  • 19.08.2020 21:12
  • 13k+

Garyşyk söweş sungatynyň wekili, agram derejesine garamazdan UFC-niň sanawynda birinjiligi eýeleýän amerikaly söweşiji Jon Jons çempionlyk guşagyndan ýüz öwürdi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Türgen bu barada özüniň Twitter sahypasynda ýazdy we ýarym agyr agramdaky söweşlerde oňa goldaw berenlere sagbolsun aýtdy.

«Şu gün UFC-niň ýolbaşçylary bilen telefonda gürleşdim we ýarym agyr agramda çempionlyk guşagyndan ýüz öwürýändigimi tassyklaýaryn. Bu juda üýtgeşik başdan geçirme boldy, gurama gatnaşanlaryň hemmesine we janköýerlerime tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn» - diýip, Jons aýtdy.

Jons oktagonda jemi 26 gezek ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi, bir söweş bolsa hasaba alynmady. Amerikaly söweşiji UFC-de 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......