«Sewilýa» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy

  • 17.08.2020 15:42
  • 5k+

Ispaniýanyň «Sewilýa» topary Ýewropa ligasynyň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparyny 2:1 hasabynda utup, bu kubogyň final duşuşygynda oýnamaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, «Sewilýa» topary 6-njy gezek UEFA Ýewropa ligasynyň final tapgyryna çykdy. Mundan ozalky 5 finalynda ýeňiş gazanypdy. «Sewilýa» 2005/06, 2006/07, 2013/14, 2014/15, 2015/16 möwsümlerinde Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanypdy.
Finalda «Sewilýa» topary «Inter» bilen «Şahtýor» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Ýarym final duşuşygynda ýeňlen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary 2017-nji ýyldan bäri hiç hili kubok gazanyp bilmän gelýär.

düýn 19:36
2.3k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

düýn 14:36
6.3k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

düýn 10:46
1.7k+

19 ýaşly hokkeýçi Selebrini meşhur Weýn Gretskiniň utuk rekordyny gaýtalady

“San-Hose Şarksyň” 19 ýaşly hüjümçisi Maklin Selebrini NHL-iň taryhynda 20 ýaşyny doldurmanka bir möwsümde 100 utuk gazanan altynjy oýunçy boldy diýip, Liganyň web sahypasynda habar berilýär....

01.04.2026 23:41
3.1k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......