Mioçiç Kormýeni ýeňip, agyr agramda çempionlyk derejesini saklap galdy

  • 16.08.2020 23:42
  • 9.9k+

Amerikan söweşijisi Stipe Mioçiç öz ildeşi Daniel Kormýeni ýeňip, Absolýut söweş çempionatynda (UFC) agyr agramda çempionlyk derejesini saklap galdy. Tutluşyk Las Wegasda (Newada, ABŞ) UFC 252 ýaryşynyň çäginde geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Mioçiç eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy. 37 ýaşly söweşiji garyşyk söweş sungatynda (MMA) 23 söweş geçirdi: şolaryň 20-si ýeňiş we 3-si ýeňliş. 41 ýaşly Kormýeniň hasabynda bolsa 22 ýeňiş bilen üç ýeňliş bar.
Bu söweş Kormýe bilen Mioçiçiň arasyndaky üçünji duşuşykdyr. 2018-nji ýylyň iýul aýynda bolup geçen birinji söweşde Kormýe nokaut bilen ýeňiş gazandy. 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen ikinji söweşde bolsa Mioçiç tehniki nokaut bilen garşydaşyndan üstün çykypdy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......