«Lion» 10 ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyryna çykdy

  • 16.08.2020 14:00
  • 5.7k+

Lissabonda Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy.
Jemleýji duşuşykda «Žoze Alwalade» stadionynda «Mançester Siti» «Liondan» 1:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Fransuz klubynyň hüjümçisi Mussa Dembele duşuşygyň 75-nji minudynda oýna girip, dubl etmegi başardy hem-de Hosep Gwardiolanyň şägirtlerini Çempionlar ligasyndan çykardy.

Şeýlelikde, ýaryşyň ýarym final tapgyryna gatnaşýanlaryň ählisi belli boldy.
Sişenbe güni, 18-nji awgustda, «RB Leýpsig» (Germaniýa) «PSŽ» (Fransiýa) bilen duşuşar.
Çarşenbe güni, 19-njy awgustda, «Lion» (Fransiýa) we «Bawariýa» (Germaniýa) duşuşar.
Belläp geçsek, 1990/91 möwsüminden bäri ýaryşyň ýarym final tapgyrynda ilkinji gezek Angliýadan, Ispaniýadan ýa-da Italiýadan ýeke klub hem çykyş etmez.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......