Umtitiniň koronawirus barlagy položitel bolup çykdy

  • 17.08.2020 14:15
  • 9k+

«Barselonanyň» goragçysy Samýuel Umtitiniň koronawirus üçin barlagy položitel bolup çykdy diýlip, ispan futbol klubynyň saýtynda habar berilýär.

Oýunçyda alamatlaryň ýokdugy, onuň çetleşdirilendigi we öýünde bolýandygy bellenilýär.

«Klub saglygy goraýyş organlaryny we degişli sport edaralaryny habardar etdi, şeýle-de klub oýunçy bilen gatnaşyk eden ähli adamlary, olar hem degişli barlaglary tabşyrar ýaly gözegçilikde saklaýar» – diýlip, klubyň habarnamasynda aýdylýar.

Öň, koronawirus bilen «Barselonanyň» başga bir oýunçysynyň, ýagny goragçy Žan-Kler Todibonyň keselländigi belli boldy.
Belläp geçsek, Umtiti «Barselona» heniz «Bawariýa» bilen Çempionlar ligasynyň çärýek finalyndan duşuşmanka çetleşdirilipdi.

şu gün 13:12
1.7k+

Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar

Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder...

şu gün 10:13
3.6k+

ÇL: «Real» Lissabonda ýeniş gazandy, «Galatasaraý» «Ýuwentusy» derbi-dagyn etdi, PSŽ-den «kambek»

Geçen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Galatasaraý», «Borussiýa» (Dortmund), «Pari Sen-Žermen» we «Real» ýeňiş gazandylar. Lissabondaky dawa Lissabonda Madridiň «Realy» ýerli «Benfikadan» 1:0 hasaby bilen üstün çykdy...

düýn 20:42
5.8k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...

düýn 16:38
7.5k+

Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler...