Ronaldunyň agenti "Barselona" bilen gepleşikleri geçirýär — HBS

  • 13.08.2020 18:20
  • 16k+

«Ýuwentusyň» futbolçysy Kriştiano Ronaldunyň agenti Jorj Mendeş birnäçe klublara, şol sanda "Barselona" öz müşderisiniň hyzmatlaryny teklip etdi diýip, sport.es žurnalist Gilýem Balagä salgylanýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Balage BBC radiosynda çykyş edip, Mendeşiň indiki möwsümde Ronaldu bilen şertnama baglaşmaga taýýardyklaryny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin dürli klublar bilen habarlaşandygyny, sebäbi Ronaldunyň karýerasynda täze teklipleri kabul etmek isleginiň bardygyny aýtdy. Mendeşiň teklibini alan toparlaryň hatarynda "Barselona", ​​"PSŽ" we Demirgazyk Amerikanyň birnäçe kluby bar.
Žurnalistiň pikiriçe, bäş gezek “Altyn topa” mynasyp bolan 35 ýaşly oýunçy üçin täze klub tapmagyň esasy meselesi, onuň ýylda 23 million ýewro barabar bolan ýokary aýlygydyr.

"Häzirki wagtda oňa beýle köp tölemäge taýýar klub barmyka, bilmedim" diýip, Balage belleýär.

Ronaldu 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli "Mançester Ýunaýtedde" oýnady, 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Madridiň "Realynyň" abraýyny gorady. 2018-nji ýyldan bäri bolsa ol "Ýuwentusda" çykyş edýär. Onuň Turiniň kluby bilen baglaşan şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......