Pandemiýa howany az-kem arassalasa-da, topragy we suwlary hapalaýar

  • 13.08.2020 13:15
  • 18k+

Hünärmenleriň bellemegine görä, koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň kabul edilmegi netijesinde dünýäde bug gazlarynyň zyňyndylary 5%-e çenli azaldy. Şunuň bilen baglylykda, köp ýurtda ykdysady işjeňligiň peselmegi netijesinde, pandemiýanyň planetanyň howasyna oňyn täsir edip biljekdigi baradaky çaklamalar ýüze çykdy. Şeýle-de bolsa, COVID-19 garşy göreşe gönükdirilen çäreleriň hemmesi-de daşky gurşawa oňyn täsir edip barmaýar.

Plastiki lukmançylyk örtükleri, rezin ellikler, azyk önümleri üçin gaplar we zyýansyzlandyryjy serişdelerden boşan plastik gaplar ýaly bir gezek ulanylýan önümleriň ulanylyşynyň ýokarlanmagy daşky gurşawyň hapalanmagyna we planetanyň ekologiýasyna howp salýar.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 2019-njy ýylda bir gezek ulanylýan örtükleriň dünýädäki satuwy 800 million dollar barabar boldy. 2020-nji ýylda bolsa, bu görkeziji eýýäm, takmynan, 166 milliard dollara ýetdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) hasabatynda sosial aradaşlygyň netijesinde köp sanly gaplaýyş materiallaryna gaplanan öýe eltip berilýän gündelik iýmit önümleriniň möçberiniň ep-esli artdyrandygyna we plastiki galyndylaryň köpelmegine ünsi çekildi.
UNCTAD-yň Halkara Söwda müdiri Pamela Koke-Hamilton:

"Plastiki hapalanma, koronawirus döremezinden ozal hem planetamyz üçin esasy howplardan biri bolupdy. Adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we keseliň öňüni almak üçin öndürilen önümleriň gündelik sarp edilmek ýagdaýy ep-esli agyrlaşdyrdy" - diýip belledi.

“EpochTimes”-yň infografikasyna görä, rezin önümleriň çüýremegi üçin takmynan 65 ýyl gerek. Adamlar tarapyndan her gün ulanylýan plastik haltalar tebigatda 100 ýyldan 200 ýyla çenli wagtlap dargaýar. Şol bir wagtyň özünde, galyndylaryň dargamagy netijesinde emele gelýän maddalar topraga we ýerasty suwlara düşýär, bu ösümlikleriň we ot-çöpleriň "saglygyna" täsir edýär.
Hünärmenler eli ýygy-ýygydan ýuwup durmagy hem-de antiseptiklere derek bir gezek ulanylýan ellikleri iň oňat alternatiwa hasaplaýarlar. Şeýle hem bir gezek ulanylýan örtükleriň ýerine ýuwup, gaýnadyp we ütükläp bolýan gaýtadan ulanylýan örtükleri ulanmagy maslahat berýärler.

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......