Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

  • 13.08.2020 08:29
  • 19k+

12-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.

Mejlisiň barşynda goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdelerini ýakmak üçin niýetlenen desganyň taslamalaryny makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa we içeri işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekildi.
Şeýle hem prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň guralyş derejesine nägilelik bildirip, gullugyň başlygyna duýduryş yglan etdi hem-de düzümiň üstüne ýüklenilen wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegini talap etdi.
Mejlisde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

şu gün 02:06
979

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
5.2k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:51
7.9k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....