Habib Nurmagomedow UFC-de öz doganlary bilen çykyş eder

  • 13.08.2020 12:17
  • 23k+

Garyşyk söweş sungatynyň wekili, MMA-nyň çempiony Habib Nurmagomedow güýzde doganlary bilen bir ýaryşda çykyş etjekdigini aýtdy. Ol bu barada öz Instagramynda ýazdy.

31 ýaşly rus türgeni Abubakar bilen Umar Nurmagomedowlaryň “Absolute Fighting Championship” (UFC) ýaryşyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Umar üçin bu söweş onuň şu çempionatdaky ilkinji çykyşy bolar. Abubakar bolsa, 2019-njy ýylda Moskwa ýaryşynda UFC-iň howandarlygynda bir söweş geçirip, ýeňlişe sezewar bolupdy.
UFC 254 ýaryşy 24-nji oktýabrda geçiriler. Habib Nurmagomedow bilen Jastin Getjiniň arasyndaky söweş ýaryşyň esasy wakasy bolar. Türgenler UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony diýen at ugrunda söweşerler.
Nurmagomedowyň hasabyna 28 söweşde 28 ýeňiş bar. Getji oktagona wagtlaýyn çempion hökmünde girer.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......