Kerki şäheriniň aeroportynyň uçuş-gonuş zolagyny betonlamak işi tamamlandy

  • 04.08.2020 16:08
  • 33k+

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň aeroportynyň uçuş-gonuş zolagynda we uçarlaryň durjak meýdançalarynda betonlamak işi tamamlandy. Bu barada Jeyhun News habar berýär.

Bu möhüm gurluşygy «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyp barýarlar. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy iki müň ýedi ýüz metre, ini altmyş metre barabar. Uçarlardan başga-da, howa menzilinde dikuçarlar üçin hem dört sany meýdança gurulýar. Uçuşlary dolandyrmak üçin beýikligi otuz metr boljak diň galdyrylar. Ýolagçylar üçin niýetlenen jaý, kömekçi binalar, ýolagçylaryň we howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil ulaglaryň duralgasy, awtobus duralgasy, ýangyç guýujy bölüm, içimlik we beýleki niýetler üçin ulanyljak suw üpjünçilik ulgamy we beýlekiler hem gurlar.
Häzir bu ýerde işleriň agramly bölegi tamamlandy. Howa menziliniň dolandyryş binalary hem taýýar bolup barýar.
Howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Onuň işe girizilmegi bilen Lebap welaýatynyň günorta-gündogar sebitini ýurduň paýtagty we ähli welaýatlary bilen göni baglaşdyrar.

düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.4k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......