BSGG koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak boýunça Hytaýda derňew işini geçirmegi ylalaşdy

  • 04.08.2020 14:54
  • 17k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Hytaý bilen koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşy bilen bagly halkara derňew işini geçirmegiň esasy şertlerini ylalaşdy. Guramanyň beýannamasynda Hytaýa gelen hünärmenler toparynyň keseliň gelip çykyşyny anyklamakda bilelikdäki synanyşyk üçin gerekli “binýady” eýýäm işläp düzendikleri aýdylýar. Bu barada kp.ru habar berýär.

— BSGG-niň we HHR-niň hünärmenleri guramanyň ýolbaşçylygynda halkara toparyň iş meýilnamasyny we derňew işi üçin şertleri kesgitleýän resminamanyň taslamasyny döretdiler – diýlip, beýannamada bellenilýär.

Birinji epidemiologik derňew işleri koronawirusyň ýüze çykan ýeri bolan Uhanda başlanar. Hünärmenler COVID-19-yň irki tapgyrlarynda keseliň bolup biläýjek çeşmesini anyklamaga synanyşarlar.

“Bu işiň dowamynda ýüze çykan subutnamalar we çaklamalar geljekki, uzak möhletli derňewleriň binýadyny düzer” – diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adanom Gebreýesus belleýär.

Sanjym barada gürrüň etmek bilen, Tedros Gebreýesus hemmeleriň kliniki synaglaryň netijelerine umyt bildirýändigini, ýöne COVID-19-a garşy serişdäniň bolup bilmezliginiň mümkindigini hem belledi.
COVID-19 bilen kesellemegiň ilkinji ýagdaýlary 2019-njy ýylyň dekabrynda Hytaýyň Uhan şäherinde döredi. Koronawirus ýaýrawynyň merkezi Uhandaky deňiz önümleriniň bazary hasaplanylýar, ýöne Hytaýda alymlar bu pikiri ýalana çykarýarlar.

şu gün 07:41
410

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
334

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
6.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......