Angliýanyň premýer-ligasynda garşydaşyň üstüne üsgüren futbolçy oýundan çykarylar

  • 04.08.2020 09:52
  • 13k+

Angliýada futbol eminlerine garşydaşlaryna ýa-da oýnuň resmi işgärlerine bilkastlaýyn üsgüren oýunçylara gyzyl duýduryş belgisini görkezmeklik tabşyrylar. Bu barada "Taýms" gazetine salgylanyp, RIA NOWOSTI agentligi habar berýär.

Gazetiň belleýşi ýaly, Angliýanyň Futbol Assosiasiýasy (FA) koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň çäginde oýunlary alyp barýan eminlere gözükdirmeleri özünde jemleýän jikme-jik resminama taýýarlady.
Ähli ligalarda ulanyljak düzgünlerde kimdir birine aç-açan üsgüren oýunça düzgün-nyzam temmisiniň ulanylmalydygy — oýunçynyň oýundan çykarylmalydygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, eminleriň gol geçirilende bellenilýän pursatlarynda sosial aralygyň saklanylyşyna we tüýkürinmelere gözegçilik etmegi hökman däl diýlip bellenildi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......