Britaniýa koronawirusdan ýogalanlar bilen bagly maglumatlary neşir etmegi togtatdy

  • 19.07.2020 14:49
  • 21k+

Beýik Britaniýa koronawirus ýokanjyndan ýogalanlaryň sany boýunça gündelik statistiki maglumatlary neşir etmegi wagtlaýyn togtatdy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, lenta.ru ýetirýär.

Şeýle karar hökümetiň hasaplaýyş usulyny täzeden gözden geçirmek baradaky buýrugyndan soň kabul edildi. Bu ýogalmak boýunça maglumatlaryň artdyrylmagyndan ätiýaç edilýändigi sebäpli bolup geçdi. Hünärmenler Angliýada ýogalanlaryň sanynyň Birleşen Korollygyň beýleki böleklerindäki ýaly hasaplanylmaýandygyny aýdýarlar, şonuň üçin maglumatlaryň üýtgedilen bolmagy ahmal. Häzir statistikanyň koronawirus üçin položitel analizi bolan ähli ýogalanlary hasaba alýandygy bellenilip geçilýär. Ýöne barlag bilen ýogalan wagtynyň arasyndaky geçen wagt hasaba alynmaýar.
Öň, Britaniýanyň Delillendiriji lukmançylyk merkezi barlagyň netijelerini aýtdy, oňa laýyklykda, ýurtda koronawirusly syrkawlaryň arasynda ýogalanlaryň sany boýunça maglumatlar artdyrylan bolup biler, çünki statistika has öň kesellänler hem goşulýar. Esasanam, keselden üç aý geçenden soň ýürek tutmasyndan ýa-da ýol heläkçiliginiň netijesinde ýogalan ýagdaýlar hem hasaba alynýar. Hünärmenleriň pikiriçe, ölüm eger-de ol birinji položitel barlagdan 21 günden giç bolmadyk bolsa, ol koronawirus bilen bagly diýip kabul edip bolar.

Beýik Britaniýa COVID-19-dan beýleki ýurtlara garanda güýçli zyýan çekdi. Ol kesellileriň sany boýunça – tas 295 müň adam, dünýäde dokuzynjy orunda ýerleşýär. Olardan 45 müňden gowragy ýogaldy. 18-nji iýulda koronawirus ýokanjyndan kesellänleriň umumy sanynyň 14 milliondan geçendigi belli boldy. Kesellileriň köpüsi ABŞ-da, Braziliýada we Hindistanda ýüze çykaryldy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....