Afrika täze ummanyň döreýändigi sebäpli iki bölege bölünýär

  • 19.07.2020 14:37
  • 20k+

Tektoniki daşlaryň jaýrylmagy sebäpli afrika yklymy ahyrynda ikä bölüner. Onuň bölekleriniň arasynda täze umman emele gelýär. Bu uzak geljekde bolup geçer, ýöne hadysa eýýäm başlady. Bu barada runews24.ru habar berýär.

Iki daş, çak edilişine görä, 5 ýa-da 10 million ýyldan soň jaýrylar. Ýöne bu geologiki hadysa 15 ýyl mundan öň başlady. Efiopiýa çölünde uzynlygy 56 kilometr bolan jaýryk peýda boldy. Bu Afaryň golaýynda bolup geçdi.
Alymlar bu fenomeni öwrenýärler we olar afrikan hem-de arap tektoniki daşlar ýuwaş-ýuwaşdan bölünýär diýen netijä geldiler. Sebitde iki sany tektoniki daşlar ýerleşýär: arap we afrikan, olaryň soňkusy nubiýa we somali daşlaryndan hem ybarat. Ähli daşlar dürli tizlik bilen hereket edýärler. Arap daşynyň ýylda 2,5 santimetrden gowrak süýşýän wagtynda, afrikan daşynyň segmentleriniň tizligi ýylda 0,5-dan 1,2 santimetre çenli üýtgeýär. Öň olaryň dargamagy Aden aýlagynyň we Gyzyl deňziň ýüze çykmagyna getirdi. Olar ahyrynda täze umman bolar diýip, Beýik Britaniýadan alym Kristofer Mur hasaplaýar. Ol Gündogar Afrikanyň bu bölegi geljekde aýratyn yklym bolar diýip çaklaýar. Häzirki wagtda alymlar bu fenomene has gowy düşünmek üçin dürli barlaglary geçirýärler. 
Bu hereketiň sebäpleri heniz anyk belli däl, ýöne köp hünärmenler olary sebitdäki wulkan hereketleri bilen baglanyşdyrýarlar. Geologlaryň pikiriçe, magmanyň ulalýan göwrüminiň basyşynyň güýçlenmegi bu hadysany döreden bolmagy ahmal.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......