BSGG çilimi taşlamagy goldamak boýunça täze başlangyjy we robot-geňeşçini işe girizdi

  • 18.07.2020 17:20
  • 16k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy çilimi taşlamak isleýän adamlara goldaw bermek üçin «Access» başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç, takmynan, 1,3 milliard töweregi temmäki ulanýan adama bu zyýanly endikden ýüz öwürmäge ýardam etmegi maksat edinýär.

Çilim çekmeklik her ýyl 8 million adamyň ölümine sebäp bolýar we bu görkeziji global pandemiýa döwründe has-da köpelmek bilen. Statistiki maglumatlara görä, çilim çekýänler, çilim çekmeýänlere garanyňda COVID-19-yň agyr görnüşiniň döremek howpuna has ýakyn.

Pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli serişdeleriň çäkliligi çilimkeşleriň köpüsini bu zyýanly endigi taşlamaga kömek edip biljek ýagdaýda goýdy. Olar “Access”-iň çäklerinde nikotini çalyşmak bejergisini yzygiderli alyp bilerler.
Çilimi nädip we näme üçin taşlamalydygy barada maglumatlara uzak aralykdan elýeterliligi üpjün etmek we çilim çekmek hem-de COVID-19 bilen bagly toslamalary ýok etmek üçin BSGG dünýäde ilkinji lukmançylyk robot-geňeşçisi Florensi hem tanyşdyrdy.
Emeli aň esasynda, Florens wideostriming ýa-da çat arkaly temmäki endikleri barada ygtybarly maglumatlary tapmaga we şahsy çilimi taşlamak meýilnamasyny taýýarlamaga kömek edip biler. Ýatlap geçsek, robot “Florens” “Soul Machines” kompaniýasynyň tehnologiýasy, şeýle hem “Amazon Web Services” we “Google Cloud”-yň goldawy bilen döredildi.
«Access» başlangyjy Iordaniýada şa gyzy Dinanyň goldawy bilen badalga alýar we ol soňabaka global häsiýete eýe bolar. Häzirki wagtda dünýä ýurtlary çilime garşy milli göreş alyp barýarlar. "Saglyk" döwlet Maksatnamasynyň çäginde Türkmenistan hem temmäki önümleriniň ulanylyşyny azaltmak bilen baglanyşykly birnäçe çäreleri durmuşa geçirýär.
2000-nji ýylda ýurtda köpçülik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi we temmäkä garşy giň gerimli göreş ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda BSGG-niň temmäki gözegçiliginiň halkara ülňülerini we görkezmelerini kesgitleýän Çarçuwaly konwensiýasyna goşulandan soň, 2013-nji ýylda "Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda" kanun güýje girdi. Mundan soň, ýurduň bazarynda satylýan islendik temmäki önümleriniň bahasynyň ýokarlandyrylyp, gaplanyşynyň dizaýnynyň üýtgedildi, şeýle hem maglumat we öňüni alyş göreşi güýçlendirildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň diňe 3,4 göterimi çilim çekmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýyla çenli bu görkezijini nola çenli azaltmak meýilleşdirilýär.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......