Pariž marafony ýene yza süýşürildi

  • 16.07.2020 13:01
  • 5.6k+

Dünýä ýurtlarynyň paýtagtlarynda geçirilen ýeňil atletika ýaryşlarynyň iň soňkusy Rimde we Bostonda geçirilen marafonlaryň ýatyrylmagyna garamazdan bolup biler. Pariž marafonynyň senesi ýene üýtgedi. Bu barada bäsleşigi guraýjynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara esaslanyp, sputnik.by habar berýär.

Ilkibaşda fransuz paýtagtynyň köçeleri boýunça marafon 5-nji aprelde geçirilmelidi, soň bolsa ol 18-nji oktýabra yza süýşürildi, ýöne indi ýaryş noýabr aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär.
"Pariž Marafonyny has gowy şertlerde geçirmek üçin şäher häkimligi we Parižiň polisiýa prefekturasy bilen maslahatlaşanymyzdan soň, çäräniň geçiriljek senesini yza süýşürmek kararyna geldik. Indi Pariž marafonynyň täze senesi - 2020-nji ýylyň 15-nji noýabry. Elbetde, biz dünýäde bolup geçýän wakalary göz öňünde tutarys, saglyk edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň görkezmelerini berk ýerine ýetireris" - diýlip, saýtda bellenilýär.
Ýadymyzda bolsa, koronawirus pandemiýasy sebäpli Nýu-Ýorkda, Bostonda, Dublinde, Berlinde we Rimde däp bolan ýaryşlar ýatyrylypdy.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......