Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

  • 16.07.2020 10:41
  • 57k+

15-nji iýulda dynç alyşda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.
Döwlet Baştutany balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir.
Döwlet Baştutany metbugat neşirleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow tutan balyklaryny paýtagtymyzdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi.
Çagalar sowgady şatlyk bilen kabul etdiler. «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler özleri üçin iberilen balyklaryndan taýýarlanan balyk çorbasyndan dadyp, yzygiderli edýän atalyk aladalary üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

şu gün 11:48
2k+

Hindistan 100 aeroport gurmagy meýilleşdirýär

Hindistan hökümeti sebitleýin howa gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen Modified UDAN maksatnamasyny tassyklady. Onuň býujeti 28,840 million hindi rupiýasy (takmynan 3,5 milliard ABŞ dollary) bolar....

şu gün 11:36
876

Adam bilen itiň dostlugy çakymyzdan 5 müň ýyl ozal başlapdyr

Londonyň Tebigy taryh muzeýiniň alymlary itleriň adamlaryň durmuşyna azyndan 15 müň ýyl ozal aralaşandyklaryny anykladylar. Bu görkeziji öňki çaklamalardan takmynan bäş müň ýyl irki döwre degişlidir. Barlagyň......

şu gün 10:56
448

Kann kinofestiwaly «Elektrikli Wenera» komediýasy bilen açylar

79-njy Kann kinofestiwaly režissýor Pýer Salwadoriniň «Elektrikli Wenera» («Электрическая Венера») atly komediýasy bilen açylar. Filmiň görkezilişi 12-nji maýda – dabaraly açylyş gününde bolar....

şu gün 10:40
2.8k+

Daşkentde emeli ýagyş ýagdyrylar

Howanyň hilini gowulandyrmak maksady bilen Daşkentde we Daşkent welaýatynda emeli ygal ýagdyrmak tehnologiýasy ulanylar. Bu çözgüt Özbegistanyň Prezidentiniň howanyň hilini gowulandyrmak baradaky Permanyna......