“Stenli” kubogynyň saýlama oýunlary 1-nji awgustda başlar

  • 15.07.2020 16:57
  • 2.9k+

“Stenli" kubogynyň saýlama oýunlary 1-nji awgustda Torontoda başlar. Bu barada NHL ýaryş senenamasy hem çap edilen resmi web sahypasynda habar berdi. Ýaryş, Aşgabat wagty bilen, sagat 21:00-da "Reýnjers" bilen "Karolinanyň" arasyndaky duşuşyk bilen açylar.

Şol gün ýene 4 oýun: "Çikago - Edmonton", "Florida" - "Aýlenders", "Monreal" - "Pittsburg", şeýle hem "Winnipeg" - "Kalgari" duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Oýunlar her tapgyrda üç ýeňşe çenli yzly-yzyna iki gün dowam eder. Bular ikinji we üçünji, üçünji we dördünji ýa-da dördünji we bäşinji (eger zerur bolsa) oýunlar bolar. Şeýle hem 28-nji iýuldan başlap, her topar bir gözegçilik duşuşygyny geçirer. Şol gün - üç oýun, 29-njy iýulda - alty oýun, 30-njy iýulda bolsa ýene üç oýun geçiriler.
“Stenli kubogy - 2020” saýlama ýaryşyna 16 topar gatnaşar. Olardan sekiz ýeňiji pleý-off oýunlaryna ýollanma alar.
Şeýle hem, saýlama tapgyra her konferensiýanyň iň gowy dört topary gatnaşar, olar aýlaw ýaryşda kesgitlener. Bu dört topar ýaryşa 2-nji awgustda başlar we hersiniň öýünde iki oýun geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, Gündogar konferensiýasynyň 12 topary Torontodaky “Scotiabank Arena”-da, 12 sany Günbatar konferensiýa topary Edmontondaky “Rogers Place”-da oýnar.

düýn 21:03
999

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
5.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......