Sport boýunça Arbitraž Kazyýeti «Mançester Sitä» ýewrokuboklara gatnaşmaga rugsat berdi

  • 13.07.2020 17:25
  • 8.8k+

Sport boýunça Arbitraž Kazyýeti «Mançester Sitiniň» ýüz tutmasyny kabul etdi we topara ýewrokuboklara gatnaşmaga rugsat berdi. Bu barada Euronews habar berýär.
Iňlis kluby fewral aýynda feýr-pleý düzgünini bozandygy üçin “şäherlileri” Ýewropa ýaryşlaryndan iki möwsümlik çetleşdiren UEFA-nyň kararyna garşy çykdy. "Mançester Siti" UEFA-nyň soňky kararyny makullaýar we onda klubuň eýeleýän ornunyň hem-de biziň ýetiren subutnamalarymyzyň ykraryny görýär. Klub komissiýanyň agzalaryna eden tagallalary we amallary dogry alyp barandyklary üçin sag bolsun aýdýar" – diýip, “şäherlileriň” resmi beýanatynda aýdylýar.
Sport boýunça Arbitraž Kazyýetiniň (CAS) karary bilen “Mançester Siti” Çempionlar ligasynyň 2020/2021 möwsümine gatnaşyp biler, sebäbi häzirki wagtda topar Angliýanyň premýer-ligasynda ikinji orny eýeleýär. Ýeri gelende bellesek, premýer-ligada üçünji orunda barýan Çelsi bilen “Şäherlileriň” arasynda 12 utuk tapawut bar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......