Madridiň “Realy” Mbappeni mugt alyp biler

  • 08.07.2020 23:42
  • 8.2k+

Madiridiň “Realy” Kilian Mbappeni mugt transfer edip biljekdigine ynanýar. Bu barada metaratings.ru habar berýär.
Habara görä, fransuz futbolçy öz karýerasyny “PSŽ” toparynda dowam etdirmek islemeýär. Hüjümçi 2022-nji ýylda erkin agent statusyny alar. Fransuz futbolçy karýerasyny Madridiň “Real” klubunda dowam etdirmek isleýär. Transfer başa baran ýagdaýynda, Madridiň “Realy” topary oýunçynyň özüne aýratyn bonus hökmünde 100 million ýewro tölemeli bolar.
1-nji liganyň soňky netijelerine görä, Mbappe 20 oýunda 18 pökgi geçirip, iň köp tapawutlanan oýunçy boldy. Fransuz çempionatynda möwsüm koronawirus pandemiýasy sebäpli möhletinden öň tamamlandy we “PSŽ” çempion diýlip yglan edildi. Ýatlap geçsek, Mbappe Fransiýanyň üç gezek çempiony we iki gezek liganyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy bolupdy. 2018 we 2019-njy ýyllarda bolsa hüjümçi ýurtda ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edilipdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......