Messi karýerasyndaky 700-nji pökgüsini geçirdi

  • 02.07.2020 12:01
  • 4.9k+

Ol futbol taryhynda iň köp gol salan oýunçylaryň birinji onlugyna girýär, häzirki oýunçylaryň arasynda bolsa ikinji orunda durýar, diýip sputnik.by habar berýär.
Argentinanyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň çempionatynda Madridiň Atletikosy bilen geçirilen oýunda Barselona üçin ýene bir pökgi geçirdi. Ol ikinji ýarymyň başynda jerime urgusyny gazandy. Bu gol alty gezek “Altyn topa” eýe bolan meşhur hüjümçi üçin professional karýerasynda 700-nji pökgi boldy.
Lionel Messi futbol taryhynyň iň gowy oýunçylaryndan biri hasaplanýar. Argentinaly oýunçy Barselonanyň düzüminde 630 pökgi, milli ýygyndyda bolsa 70 pökgi geçirdi. Häzirki oýunçylardan diňe Messi we Kriştiano Ronaldu karýeralarynda 700 ýa-da has köp pökgi geçirdi.
Iki türgen hem futbol taryhynda iň köp pökgi geçirenleriň arasynda durýar. Bu görkeziji boýunça öňdebaryjy, 1931-nji ýyldan 1955-nji ýyla çenli bolan resmi oýunlarda 810 pökgi geçiren awstriýaly hüjümçi Iosif Bitsandyr.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......