“Barselona” möwsüm tamamlanandan soň Setýeni işden çykarmagy meýilleşdirýär

  • 01.07.2020 11:27
  • 4.2k+

Goal saýty “Barselonanyň” ýolbaşçylygynyň katalon klubynyň baş tälimçi wezipesinde Kike Setýeniň işiniň netijesinden nägiledigini habar berýär. Çeşmäniň maglumatlary boýunça, klubyň ýolbaşçylygy eýýäm şu möwsüm tamamlanandan soň, hünärmeni işden çykarmak kararyna geldi.
Ýatlap geçsek, Kike Setýen baş tälimçi wezipesinde Erneste Walwerdeniň ornuny çalşyryp, şu ýylyň ýanwarynda “Barselonanyň” baş tälimçisi boldy. Netijede, ol “gök-gyzyllaryň” liderligini elden gidirdi we häzirki wagtda ähli zat “Realyň” çempion bolmagyna alyp barýar, “Barselona” bolsa ikinji ýerde galýar.
Mundan başga-da, ol toparyň sylagyny hem ýitirdi. Ýöne eger-de topar La Ligada ýa-da Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp bilse, ol öz wezipesinde galyp hem biler.
Öň, glas.ru Hawiniň “Barselona” ýolbaşçylyk etmek isleýändigini habar berdi. Ýanwarda oňa bu wezipe hödürlenildi, ýöne şonda ol munuň üçin zerur tejribäm ýok diýip hasaplady.
Çempionat dikeldilenden soň, gök-gyzyllar bäş oýun geçirdiler, üç gezek ýeňiş gazandylar we birinji setiri madridlilere bermek bilen, iki duşuşygy deňe-deň tamamladylar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......