Ronaldinýo Maradonanyň kluby üçin karýerasyny täzeden dikeldip biler

  • 01.07.2020 05:43
  • 7.5k+

Braziliýaly meşhur hüjümçi Ronaldinýo karýerasyny gaýtadan dikeldip biler. Vprognoze.ru-nyň habar bermegine görä, 40 ýaşly futbolçy «Gimnastiýa» bilen şertnama baglaşyp biler. Klubuň tälimçisi Diego Maradonanyň Ronaldinýonyň hyzmatlary bilen gyzyklanýandygy bellendi. Şeýle-de bolsa, şu güne çenli bu babatda resmi gepleşiklere başlanmady.
Ronaldinýo häzirki wagtda Paragwaýda galp resminamalary ulanandygy üçin öý tussaglygynda. Ýadymyzda bolsa köne hüjümçi we dogany Asunsion howa menzilinde tussag edilipdi. Bir aýdan soň braziliýalylar girew astynda boşadylypdy.
Braziliýaly futbolçy 2016-njy ýylda "Gimnastiýa" barmakçy bolupdy, ýöne soň geleşik baglaşylmandy.
Ronaldinýo 2015-nji ýyldan bäri resmi oýunlara gatnaşmaýar. Şol bir wagtyň özünde, 2018-nji ýylda sport karýerasyny resmi taýdan tamamlady. Braziliýaly oýunçynyň soňky topary "Fluminense" boldy.
Karýerasynda Ronaldinýo «Barselona», «Milan» we «PSŽ» ýaly klublarda çykyş etdi. Futbolçy Braziliýanyň milli ýygyndysynda-da oýnady.
Häzirki wagtda “Gimnastiýa”, Argentinanyň çempionatynyň ýaryş sanawynyň ikinji onlugynda, aşagrakda ýerleşýär. Maradona kluba geçen sentýabrdan bäri ýolbaşçylyk edýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......