Kiellini: "Totti “Altyn topy” almalydy"

  • 01.07.2020 05:30
  • 3.9k+

“Ýuwentusyň” goragçysy Jorjio Kiellini “Romanyň” öňki hüjümçisi Françesko Tottiniň “Altyn topa” mynasypdygy barada pikirini aýtdy. Onuň sözlerini championat.com getirýär.
“Men Françesko Totti bilen oýnadym, ýöne hemişe diýen ýaly bir-birege garşy oýnaýardyk. Men ony 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan öň Italiýanyň milli ýygyndysy üçin birnäçe oýunda gördüm, ýöne soň ol milli ýygyndydan çykdy. Totti hakykatdanam ajaýyp oýunçy, ony beýleki toparlarda görmändigimiz gynandyrýar. Ýöne onuň bütin ömrüni “Roma” bagyşlamagy juda özboluşlydyr.
Ol başaryp biljeginden juda az ýeňiş gazandy. Ol "Altyn topy" almalydy. Belki-de, ony wagtyň geçmegi bilen geljek ösüşden mahrum eden onuň özüdir. Ýöne ol bu ýoly özi söýüp saýlady.
Totti gaýry planetaly Kriştiano Ronaldunyň we Lionel Messiniň gegemoniýasyndan öň Altyn topy alyp bilerdi. Emma baýragy Maýkl Owen we Andreý Şewçenko dagy hem aldy. Olaram ajaýyp futbolçylardy, ýöne, gürrüňsiz, Tottiden gowy däldi" - diýip, Futbol Italia Kiellininiň awtobiografiýasyndan göçürme getirýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......