«PSŽ-niň» tälimçisi Mbappeniň esasy kemçiligi barada aýtdy

  • 28.06.2020 14:56
  • 7.2k+

“Parisfans.fr-iň" habaryna görä, “PSŽ” fransuz toparynyň tälimçisi Zuman Kamara hüjümçi Killian Mbappeniň esasy kemçiligi barada aýtdy. “Ol ähli ukyplaryny görkezmäge synanyşýar. Gol salmagyň ýerine, driblingini görkezýär. Ol henizem ýaş. Killian wagtyň geçmegi bilen bu kemçiligini düzeder diýip umyt edýärin"-diýip tälimçi belleýär.
Mbappeniň özi muny topardan Lassana Diarranyň hem-de Janluiji Buffonyň gitmegi bilen baglanyşdyrýar. “Diarra meniň üçin hemişe bil baglap biljek uly doganym ýalydy ... Ol köplenç karýerasy, beýleki klublar hakda,  karýerasynda goýberen ýalňyşlyklary barada gürrüň berýärdi,  maňa maslahat bererdi. Toparda oňa hormat goýýardylar. Kyn günlerde maňa mydama kömek etdi. Lassana «PSŽ-den» çykanda maňa bir zat boldy. Edil şonuň ýaly-da, Jianluiji Buffonyň topardan gitmegi maňa täsir etdi. Ol meniň üçin gaty möhümdi"-diýip, Mbappe düşündirýär. Geçen möwsümde Mbappe  20 oýunda 18 pökgi geçiripdi.
COVID-19 sebäpli, Fransiýa çempionatynda 2019/20120 möwsüminiň möhletinden öň tamamlanandygyny bellemelidiris. «PSŽ» möwsümi çempion bolup tamamlady.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......