“Liwerpul” Angliýanyň çempiony boldy

  • 27.06.2020 16:28
  • 3.7k+

“Çelsiniň” futbolistleri Angliýanyň premýer-ligasynyň oýnunda “Mançester Sitini” utdular. Bu barada kommersant.ru habar berýär. Duşuşyk 2:1 hasaby bilen tamamlandy. Gollary Pulişiç (36), Willian (78) – De Brýoýne (55) geçirdi.
Bu netije “Mançester Sitiniň” APL-nyň wagtyndan öň çempiony bolýan “Liwerpulyň” yzyndan ýetip bilmejekdigini aňladýar. “Liwerpulyň” hasabynda 89 utuk, “Mançester Sitiniň” hasabynda 64 utuk bar.
“Liwerpul” 30 ýyl Angliýanyň çempiony bolmandy, soňky gezek toparyň futbolistleri kubogy 1990-njy ýylda utdular. Klub çempionaty jemi 18 gezek utdy, “Mançester Ýunaýted” bolsa 20 gezek.
Mundan başga-da, “Liwerpul” Angliýanyň Kubogynyň ýedi gezek eýesi, Liganyň kubogynyň sekiz gezek eýesi, Angliýanyň Superkubogynyň 15 gezek, UEFA-nyň kubogynyň üç gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň alty gezek, UEFA-nyň Superkubogynyň dört gezek eýesi boldy. Ol gazanan baýraklarynyň sany boýunça Angliýanyň klublarynyň arasynda arassa birinji ýere çykdy. Baýraklary boýunça ikinji ýerde “Mançester Ýunaýted” ýerleşýär, onuň hasabynda 42 titul bar. Belläp geçsek, ýeňişden soň “Liwerpulyň” müňlerçe janköýerleri şäheriň köçelerine çykyp, 30 ýylyň içindäki ilkinji çempionlygy baýram edip bellediler.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......