«Barselona» we «Ýuwentus» Arturyň transferini ara alyp maslahatlaşýarlar

  • 27.06.2020 08:00
  • 3.8k+

Turiniň «Ýuwentusy» bilen Kataloniýanyň «Barselonasy» ýarymgoragçy Arturyň transfer edilmegi barada ylalaşdylar, geleşigiň bahasy, takmynan, 80 million ýewro bolar diýip, “Sky Sports” habar berýär.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy maý aýynda iki klubuň wekillerine hem “gök-narynçlaryň” hataryndan çykmak niýetiniň ýokdugyny, “Kamp Nou”-da galyp, esasy düzümde ýerleşmek ugrunda göreşmek isleýändigini aýdypdy. Şeýle-de bolsa, “Ýuwe” Artury Maurizio Sarriniň toparynda esasy oýunçy bolmaga ynandyryp biljekdigine umyt baglaýar. Turinliler 23 ýaşly oýunçy üçin ýylda 5 million ýewro töweregi aýlyk teklip etdiler. Ýeri gelende bellesek, bu Arturyň Barselonadaky häzirki girdejisinden has köpdür.
Mundan başga-da, iki klubyň şertnamany 30-njy iýundan öň ýapmak isleýändigi habar berildi, ýöne «Ýuwentusyň» sport direktory Fabio Paratiçi bu maglumatlary inkär etdi.
“Barselona” hem öz gezeginde “Garry Senýorlaryň” liderlerinden biri Miralem Pýaniç bilen gyzyklanýar, klublar bosniýaly oýunçynyň transfer bahasy barada gepleşikleri dowam etdirýärler. “Ýuwentus” 30 ýaşly ýarymgoragçynyň transfer bahasynyň, takmynan, 70 million ýewro boljakdygyny aýdýar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......