Nurmagomedowyň menejeri: Habib Makgregora rewanş bermez

  • 26.06.2020 11:05
  • 11k+

Ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz Habibiň irlandiýaly göreşiji Konor Makgregora rewanş bermejekdigini habar berdi. Muny championat.com ýetirýär.
“Makgregor rewanş barada gürrüň edýär, ýöne Habib ony oňa bermez. Makgregor oturyp, özüniň mümkinçiligine garaşmaly. Oňa azyndan üç urşy ýeňmek gerek. Onuň garşydaşynyň biri hem Islam Mahaçew bolmaly” – diýip, TASS Abdel-Aziziň sözlerini getirýär.
Ýatlap geçsek, Makgregor Nurmagomedow bilen rewanş geçirmek isleýändigi barada birnäçe gezek aýtdy, ýöne ol şeýle göreşde sport gyzygy bolmaz diýip jogap berdi. Ýakynda Konor karýerasyny tamamlaýandygy barada üçünji gezek habar berdi. Habibiň oktagona sentýabrda dolanmagyna garaşylýar. Ol ýeňil agramda wagtlaýyn çempion Jastin Getji bilen duşuşmaly.
31 ýaşly Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde 28 gezek ýeňiş gazandy we ýeke gezek hem ýeňilmedi. 2018-nji ýylyň güýzünde ol agyryly emel bilen Makgregory ýeňdi. 31 ýaşly Makgregor 26 göreş geçirdi, 22 gezek ýeňiş gazandy we dört gezek ýeňildi. UFC-niň çempionynyň birinji titulyny ol 2015-nji ýylda aldy, soňrak ol taryhda birwagtda dürli agram kategoriýasynda (ýarym ýeňil we ýeňil) iki titula eýe bolan guramanyň ilkinji urşujysy boldy. Russiýaly Mahaçew bolsa UFC-de 19 göreş geçirdi we 18 gezek ýeňiş gazandy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......